Petekleri bellemäge howlugyň: Türkmen filmleriniň sazlary simfoniki orkestriň ýerine ýetirmeginde janly sesde ýaňlanar

MilliInfo

12 Noýabr, 2025

Hiç haçan unudylmajak aýdym-sazlardan lezzet almak isleýäňizmi? Ine, siziň üçin ajaýyp mümkinçilik.

Ýurdumyzyň at gazanan artisti Rasul Klyçewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri hemmeleriň sabyrsyzlyk bilen garaşan programmasyny gaýtadan hödürleýär. 19-njy noýabrda guraljak konsertde türkmen kino sungatynyň rowaýata öwrülen filmleriniň sazlary belentden ýaňlanar. Şonuň üçin hem, bu konsert «Симфония легенды туркменского кино» («Türkmen kinosynyň rowaýaty filmleriniň simfoniýasy») diýlip atlandyryldy.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde guraljak konsert 19:00-da başlanar.

Petekler bilen bagly meseler boýunça bellenen telefon belgiler boýunça habarlaşyp bilersiňiz: 26 69 17, (+993) 61 33 88 29, (+993) 63 46 71 77.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo