«PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy ökde hünärli dalaşgärleri işe çagyrýar

MilliInfo

2 sagat öň

«PET­RO­NAS Ça­ri­ga­li (Türk­me­nis­tan) Sdn Bhd» kom­pa­ni­ýa­sy ök­de hü­när­li da­laş­gär­le­re garaşýar. Kompaniýa Aşgabat şäherinde işlemek üçin bölüm kömekçisi (kreditorlyk we debitorlyk bergisi boýunça) wezipesini hödürleýär. Bu barada «Türk­me­nis­tan» gazetinde çap edilen bildirişde aýdylýar.

Bildirilýän talaplar: dalaşgärler özleri barada doly maglumatlary we aşakdaky bentlere degişli resminamalary bermelidirler:

Bilimi: buhgalter hasaby we maliýe işi boýunça şahadatnamasy ýa-da deň derejeli resminamasy bolmaly.

Iş tejribesi: degişli pudakda 5 ýyl iş tejribesi bolmaly.

Dil ukyplary: türkmen, rus, iňlis dillerinde erkin gepläp we ýazyp bilmeli.

Endikleri we başarnyklary: «SAP» we «MS Office» programmalarynda işläp bilmeli.

Sowalnamalary «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň Aşgabat şäheriniň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýynda ýerleşýän («B» blok) edara binasyndan alyp bilersiňiz.

Doldurylan sowalnamalar şu habaryň çap edilen gününden başlap, 2 (iki) hepdeden gijä galman «PÇ(T)SB» kompaniýasyna dalaşgäriň doly ady, familiýasy görkezilip tabşyrylmalydyr ýa-da recruitment.tm@petronas.com.my elektron salgysy boýunça ugradylyp bilner.

Diňe talaplara laýyk gelýän dalaşgärler söhbetdeşlige çagyrylar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info