«Petronas Çarigali (Türkmenistan) SDN BHD» ökde hünärmenleri işe çagyrýar

MilliInfo

3 sagat öň

 Gyýanly obasynda işlemek üçin hünärmenler (ýataklaryň seljerilişi) işe çagyrylýar. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda (27.05.2026ý) habar berildi.

Dalaşgärler özleri baradaky doly maglumatlary we aşakdaky bentlere degişli resminamalary bermelidirler.

Bil­di­ril­ýän ta­lap­lar:

  • Bi­li­mi: islendik inženerçilik ugry boýunça ýokary bilimi bolmaly (himiki inženerçilik ýa-da nebiti we gazy gazyp almak tehnologiýasy ileri tutulýar).

  • Iş tej­ri­be­si: degişli pudakda 5 — 7 ýyl iş tejribesi bolmaly.

  • Dil ukyp­la­ry: türkmen, iň­lis, rus dillerinde erkin gürläp we ýazyp bilmeli.

  • En­dik­le­ri we ba­şar­nyk­la­ry: «MS Office» programmasynda işläp bilmeli.

Sowalnamalary «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýynda ýerleşýän («B» blok) edara binasyndan alyp bilersi­ňiz. Doldurylan sowalnamalar şu habaryň çap edilen gününden başlap, 2 hepdeden gijä galman «PÇ(T)SB» kompaniýasyna dalaşgäriň doly ady, familiýasy görkezilip tabşyrylmalydyr ýa-da recruitment.tm@petronas.com.my elektron salgysy boýunça ugradylyp bilner.

Di­ňe talaplara laýyk gelýän dalaşgärler söhbetdeşlige çagyrylar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info