«PETRONAS» türkmen ýaşlarynyň Malaýziýada okamagy üçin arzalary kabul edip başlady

MilliInfo

«PETRONAS Carigali (Turkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy 2026-njy ýylda «Universiti Teknologi PETRONAS» diýen at bilen tanalýan ýokary bilim ojagyna girmek, «Block-I Education Sponsorship» bilim maksatnamasyna gatnaşmak üçin arzalary kabul edip başlady.

Maksatnama gatnaşmaga 17—25 ýaş aralygyndaky durmuşa çykmadyk ýa-da öýlenmedik, şeýle hem himiýa, fizika we matematika derslerinden ýokary bahalar bilen mekdebi tamamlan dalaşgärler çagyrylýar. Iňlis dilini «IELTS-den» 5.0 ýa-da «TOEFL iBT-den» 50 derejesinde bilmek talap edilýär. Dalaşgärler ýokary bilimli we beýleki ýokary okuw mekdeplerinde okaýan bolmaly däldir.

Maksatnama himiýa we nebit inženerçiligi, raýat gurluşygy, kompýuter we elektrotehniki inženerçilik, maşyngurluşyk, maglumat tehnologiýalary, nebit geoylym we birleşdirilen inženerçilik ýaly ugurlary öz içine alýar.

Saýlama işleri iki tapgyrda geçirilýär: ýazmaça synag we dalaşgäriň iňlis dili derejesine, tankydy pikirlenişine hem-de ukybyna baha bermek üçin söhbetdeşlik.

Resminamalar «PETRONAS Carigali (Turkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň Aşgabatdaky edara binasynda duşenbe gününden anna gününe çenli sagat 14:00 — 17:00 aralygynda kabul edilýär.

Salgysy: Türkmenbaşy şaýoly, Jaý 81, «B» blok.

Arzalar 2026-njy ýylyň 13-nji fewralyna çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: (+99312)39-80-00.

«Universiti Teknologi PETRONAS» Malaýziýanyň «PETRONAS» milli nebit-gaz kompaniýasyna degişli bolan öňdebaryjy hususy ylmy-barlag uniwersitetidir.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info