Jorj Rassell 2026-njy ýylky möwsümiň Awstriýada geçirilen «Formula-1» çempionatynyň 8-nji tapgyrynda ýeňiş gazandy. 28 ýaşly britaniýaly sürüji ýaryşa pol-pozisiýasyndan, ýagny birinji setirden başlady.
Ýaryşda ikinji orny «Red Bull» toparyndan dünýäniň dört gezekki çempiony Maks Ferstappen eýeledi, ol ýaryşdan bir gün ozalky saýlama ýaryşynda bäşinji netijäni görkezipdi. Onuň Rassellden yza galmagy 1,611 sekunda deň boldy. Pellehanadan üçünji bolup «Mercedesiň» ýene bir sürüjisi — Andrea Kimi Antonelli (+1,986 sekunt) geçdi. Şeýle hem iň gowy altylygyň hataryna Oskar Piastri («McLaren»; +21,809), Lýuis Hemilton («Ferrari»; +26,393) we Isak Hadjar («Red Bull»; +29,399) girdiler.
Şahsy hasapda 171 utuk bilen Antonelli heniz hem liderligini dowam etdirýär. Rassell bolsa 131 utuk toplap, Hemiltony (125) ikinji orundan üçünji basgançaga süýşürmegi başardy.
«Formula-1-iň» indiki tapgyry 3-5-nji iýul aralygynda Beýik Britaniýada geçiriler.
