Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy: Serdar Berdimuhamedowyň adyna gutlag hatlarynyň gelip gowuşmagy dowam edýär

MilliInfo

29 Sentýabr, 2025

Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag hatlarynyň gelip gowuşmagy dowam edýär. Dünýä döwletleriniň ýolbaşçylary Arkadagly Gahryman Serdarymyzy hem-de türkmen halkyny tüýs ýürekden gutlamak bilen, iň gowy arzuwlaryny beýan edýärler.

Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa AL HALIFA, Filippinler Respublikasynyň Prezidenti Kiçi Ferdinand MARKOS, Kuba Respublikasynyň Prezidenti Migel Mario Dias-Kanel BERMUDES, Marokkonyň Patyşasy MOHAMMED VI, Mawritaniýa Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammed Uld Şeýh GAZWANI, Palestina Döwletiniň Prezidenti Mahmud ABBAS, Indoneziýa Respublikasynyň Prezidenti Prabowo SUBIANTO, Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidenti Matamela Siril RAMAFOSA, Kambojanyň Patyşasy Norodom SIAMONI, Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti Marselo Rebelo DE SOUZA Türkmenistanyň Prezidentine gutlag hatlaryny ýolladylar. Bu sanawyň üstüni Bangladeş Halk Respublikasynyň Prezidenti Mohammed ŞAHABUDDIN, Latwiýa Respublikasynyň Prezidenti Edgar RINKEWIÇ, Nepal Federatiw Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Ramçandra PAUDEL, Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali ZARDARI, Rumyniýanyň Prezidenti Nikuşor DAN, Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti Nataşa PIRS-MUSAR, Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Döwlet işleri boýunça Başlygy Kim Çen YN, Finlýandiýa Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr STUBB tarapyndan ýollanan gutlaglar ýetirýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info