Şu günler Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň adyna gutlag hatlarynyň gelip gowuşmagy dowam edýär. Gutlaglarda daşary döwletleriň liderleri Türkmenistana ösüş we rowaçlyk arzuw edip, ýurdumyzyň sebit we dünýä derejesinde durnuklylygy üpjün etmekdäki ornuna ýokary baha berýärler.
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Türkmenistany «hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaş» hökmünde häsiýetlendirmek bilen, bilelikdäki tagallalar arkaly syýasy hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga taýýardygyny tassyklaýar.
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin ýurtlaryň arasyndaky çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlygyň ähli ugurlar boýunça okgunly ösdürilýändigini nygtaýar hem-de ikitaraplaýyn we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça bilelikdäki netijeli işiň dowam etdiriljekdigini belleýär.
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Tramp Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolan döwründen bäri ýola goýlan gatnaşyklara ýokary baha berýär.
Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makron Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýylda Fransiýanyň hem awtordaşlygynda gaýtadan kabul edilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamasynyň ähmiýetine ünsi çekýär.
Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarella sebit derejesindäki hyzmatdaşlygyň ähmiýetini bellemek bilen, munuň BMG-niň Tertipnamasynda berkidilen gymmatlyklara, esasy ýörelgelere hormat goýmak ruhunda parahatçylygy we durnukly ösüşi ilerletmek üçin amatly meýdança öwrülen «Merkezi Aziýa — Italiýa» formatynda aýratyn netijeli häsiýete eýedigini tassyklaýar.
Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman ben Abdelaziz Al Saud hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan Türkmenistanyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny ýollaýarlar.
Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Ýaponiýa amala aşyran saparynyň barşynda geçirilen duşuşygy ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryndygyny nygtaýar.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian umumy taryhy, dini we medeni gymmatlyklaryň Eýran Yslam Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm binýat bolup durýandygyny belleýär.
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew öňde boljak ýokary derejedäki duşuşyklaryň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy düýpgöter täze derejä çykarjakdygyna, ony many-mazmun bilen baýlaşdyrjakdygyna ynam bildirýär.
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilelikdäki tagallalar netijesinde täze belent sepgitlere ýetiljekdigine ynamyny beýan edýär.
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew gazak-türkmen hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen nygtaýar.
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow syýasy, ykdysady, medeni ulgamlarda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagynyň halklaryň abadançylygyna ýardam etjekdigine ynanýandygyny tassyklaýar.
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky däp bolan hyzmatdaşlygyň dostluga, hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýandygyna ünsi çekýär.
Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko gutlag hatynda «Belarus-türkmen gatnaşyklarynyň yzygiderli pugtalandyrylmagynyň döwletara hyzmatdaşlygyň bar bolan uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge ýardam berjekdigine ynanýaryn» diýip belleýär.
Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan bilelikdäki tagallalar netijesinde ýurtlaryň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň halklaryň bähbidine has-da pugtalandyryljakdygyna ynanýandygyny tassyklaýar.

