Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň Prezidentiniň gazak-türkmen gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga goşýan şahsy goşandyna ýokary baha berdi

MilliInfo

23 Sentýabr, 2025

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady. Gutlag hatynda şeýle sözler beýan edilýär:

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Doglan günüňiz mynasybetli meniň mähirli gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy kabul ediň!

Türkmen halky röwşen geljegini we döwletiňiziň durnukly ösüşini Siziň adyňyz, parasatly baştutanlygyňyzda alyp barýan döredijilikli syýasatyňyz bilen berk baglanyşdyrmaga haklydyr. Watandaşlaryňyzyň goldawyna daýanyp, oňyn Bitaraplyk strategik ugruna eýerip, giň gerimli syýasy we durmuş-ykdysady özgertmeleri durmuşa geçirip, kuwwatly, gülläp ösýän döwleti gurmak babatda belent maksatlaryňyzy üstünlikli amala aşyrjakdygyňyza berk ynanýaryn.

Köpugurly gazak-türkmen gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga goşýan şahsy goşandyňyza ýokary baha berýärin. Bilelikdäki tagallalarymyz bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ägirt uly kuwwatyny, şol sanda ony Merkezi Aziýada durnuklylygyň we howpsuzlygyň bähbidine doly derejede durmuşa geçirjekdigimize ynanýaryn. Resmi sapar bilen Gazagystana gelmegiňize sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Munuň özi ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýyl ýazgysynda möhüm sahypany açyp, döwletara hyzmatdaşlyga kuwwatly itergi berer.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size egsilmez güýç-kuwwat, maşgala abadançylygyny we doganlyk Türkmenistanyň bähbidine alyp barýan jogapkärli döwlet işiňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin!

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo