Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady.
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Doglan günüňiz mynasybetli Sizi tüýs ýürekden gutlamak hem-de hoşniýetli arzuwlarymy beýan etmek mende uly şatlyk duýgusyny döredýär. Özbegistanda Sizi doganlyk türkmen halkynyň mynasyp hem-de hakyky watançy ogly, uly hormata eýe bolan zehinli syýasatçy hökmünde tanaýarlar. Siziň tagallalaryňyz bilen öňe sürülýän köp sanly sebit we ählumumy ähmiýetli başlangyçlaryň dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolýandygyny bellemek ýakymlydyr.
Siziň Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasynda köpugurly gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn üns berýändigiňizi kanagatlanma bilen nygtamak isleýärin. Biziň ýokary derejedäki dialogymyz hem-de umumy gyzyklanmalar netijesinde döwletlerimiziň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň geljekde hem yzygiderli ösdüriljekdigine ynanýaryn.
Pursatdan peýdalanyp, durmuşyňyzyň ýatdan çykmajak bu ajaýyp gününde Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işiňizde täze üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin.

