Dynç alyş günleriniň meýilnamasyny häzirden düzüň: Paýtagtda nirelere baryp bileris?

MilliInfo

1 sagat öň

Dynç alyş günleriniň meýilnamasyny häzirden düzüň: Paýtagtda nirelere baryp bileris?

Aşgabat paýtagtyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin gyzykly medeni-dynç alyş maksatnamasyny hödürleýär. Biz bu ýazgymyzda baryp görmäge mynasyp bolan iň gyzykly çäreleri topladyk.

Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde fransuz suratçysy Pol Nadaryň özboluşly sergisi dowam edýär. Tomaşaçylar 1890-njy ýylda Hazarýaka demir ýoly boýunça syýahat wagtynda düşürilen 45 sany ak-gara reňkli suraty görüp bilerler. Bu suratlarda XIX asyryň ahyryndaky tebigy görnüşler, gadymy binagärlik ýadygärlikleri we türkmen halkynyň gündelik durmuşy janlandyrylýar. Sergi 23-nji iýuna çenli dowam eder.

12-nji iýunda sagat 16:00-da Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Uly zalynda nusgawy saz agşamy geçiriler. Maksatnamada ýörite fortepiano kafedrasynyň we kamera ansamblynyň uçurymlarynyň çykyşlaryna garaşylýar. Solist hökmünde Bahar Durdyýewa we Nury Nuryýew çykyş ederler. Çärä giriş mugt.

13-nji iýunda sagat 17:00-da «Arkaç» söwda we dynç alyş merkezinde «Basket-fest» festiwaly başlanar. Maksatnamada professional basketbolçylarymyzyň görkezme oýunlaryna we isleg bildirýänler üçin pökgi zyňmagyň takyklygy boýunça interaktiw bäsleşiklere giň orun berler.

Mundan başga-da, ýurdumyzda 22-27-nji iýun aralygynda Balkan welaýatynda geçiriljek Medeniýet hepdeligine gyzgalaňly taýýarlyk görülýär. Teatr toparlary bu çäre üçin täze sahna oýunlaryny (premýeralary) we Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň baýram edilmegine bagyşlanan konsert maksatnamalaryny taýýarlaýarlar.

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatry:

13.06.2026: «Sen söýseň meni» 19:00;

14.06.2026: «Syrly sandyk» 19:00.

 

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry:

13.06.2026: Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanan konsert 19:00;

14.06.2026: «Sawçy hem sallahlar» 19:00.

 

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry:

13.06.2026: «Magnitafon» 19:00;

14.06.2026: «Mähriban dideler» 19:00.

 

A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry:

13.06.2026: «Приключения Худайберды» 12:00;

13.06.2026: Премьера «Обгоняя ветер» 19:00;

14.06.2026: «Аладдин и волшебная лампа» 11:00; 13:00;

14.06.2026: «Пять вечеров» 19:00.

 

Mollanepes adyndaky talyplar teatry:

13.06.2026: «Saňa ýalan maňa çyn» 19:00;

14.06.2026: «Süýji durmuşyň gapysy» 19:00.

 

Türkmen döwlet gurjak teatry:

13.06.2026: «Maşa we aýy» 17:00;

13.06.2026: «Çagaly öý bazar» 19:00;

14.06.2026: «Balykçy we balyjak» 12:00; 17:00;

14.06.2026: «Arşyn mal alan» 19:00.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info