Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy (U-20) Täjigistanda geçirilýän Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň (CAFA) 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndy toparlarynyň arasyndaky çempionatynda öz çykyşyna şowly başlady. Didar Hajyýewiň şägirtleri ilkinji duşuşygynda owganystanly ýaşdaşlaryndan 3:1 hasabynda ynamly üstün çykdylar.
Oýnuň esasy gahrymany Ýakupmuhammet Gowşudow boldy — ol duşuşygyň netijesi boýunça iň gowy oýunçy (MVP) diýlip ykrar edildi.
Şu gün, 13-nji maýda bolsa türkmen toparyna ýaryşyň ýer eýeleri — Täjigistanyň ýygyndysyna garşy oýun garaşýar. Ýatladyp geçsek, ýaryşyň tertibi aýlawly ulgam boýunça geçirilip, onda cempionlyk ugrunda Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň ýygyndy toparlary hem bäsleşýärler. Ýeňiji iň köp utuk toplan topar bolar.
