Türkmenistanyň Döwlet sirki Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni mynasybetli körpeler üçin täze çykyşlaryny hödürleýär.
Çykyşlaryň dowamynda türkmeniň milli sirk sungatyny dünýä ýaýan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň we Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň «Türkmen jigitleri» toparynyň, masgarabazlaryňdyr akrobatlaryň, howa gimnastlarynyň, ekwelibristleriň we žanglýorlaryň täsin hem özüne çekiji çykyşlaryny görüp bilersiňiz.
Sirk çykyşlary 23-28-nji mart aralygynda hepdäniň ähli günlerinde dowam eder.
Habarlaşmak üçin: 39-80-44; 39-80-45; 39-80-46; 36-10-95