Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen Kataryň Atçylyk federasiýasy özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

MilliInfo

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen Kataryň Atçylyk federasiýasynyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy täze tapgyra çykarmak üçin taryhy ädim ädildi.

Katar Döwletiniň Atçylyk federasiýasynyň çakylygy boýunça akademiýanyň rektory we wekiliýetiniň 29—31-nji ýanwary aralygynda bu ýurda amala aşyran iş saparynyň dowamynda dabaraly ýagdaýda «Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen Kataryň Atçylyk federasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama» gol çekildi. 30-njy ýanwarda geçirilen we Katar atçylyk federasiýasynyň Prezidenti Bader Mohammed Al Darwişiň, Kataryň Emiriniň «Al Shaqab» atçylyk toplumynyň ýerine ýetiriji başlygynyň orunbasary Halid Abdullah al-Hatmiň hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty, Türkmenistanyň Halk atşynasy Pygy Baýramdurdyýew Hojamuhammedowiçiň gatnaşmagynda bolup geçen duşuşykda gol çekilen resminama iki ýurduň arasyndaky ylym, bilim, innowasiýa we atçylyk sporty ugrundaky gatnaşyklaryň hukuk binýadyny has-da berkitdi.

Bu Ähtnama iki tarapyň arasynda tejribe alyşmak we atçylyk pudagy üçin döwrebap hünärmenleri taýýarlamakda täze mümkinçilikleri açyp, Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň has-da ösmegine uly itergi berer. Atçylyk sportuny we bu asylly pudagy ösdürmekde nusgalyk işleri durmuşa geçirýän, ahalteke bedewlerimiziň halkara abraýyny belende göterýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza bu ýere gatnaşyjylar tarapyndan çuňňur minnetdarlyk sözleri beýan edildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info