Türkmenistanyň Hökümeti hem-de nebitgaz döwlet konsernleri bilen Malaýziýanyň «Petronas» kompaniýasynyň arasynda strategik ylalaşyklara gol çekildi

MilliInfo
Türkmenistanyň Hökümeti hem-de nebitgaz döwlet konsernleri bilen Malaýziýanyň «Petronas» kompaniýasynyň arasynda strategik ylalaşyklara gol çekildi

Paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurdumyzda saparda bolan Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem-de onuň çäklerinde türkmen-malaý hyzmatdaşlygyna bagyşlanan sergi geçirildi. Foruma ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary, dünýäniň öňdebaryjy ugurdaş kompaniýalarynyň wekilleri hem gatnaşdylar.

Maslahatyň plenar mejlisinde çykyş eden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahime Türkmenistana resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi, geçirilen netijeli gepleşikler, şeýle hem şu maslahata gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirip, munuň nebitgaz pudagyndaky türkmen-malaý hyzmatdaşlygynyň strategik ähmiýetini görkezýändigini belledi. Bu bolsa ýurtlarymyzyň arasyndaky uzak möhletli ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynda örän möhüm şert bolup hyzmat edýär. Şu ýyl nebitgaz pudagynda Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl dolýar.

«Bu işde «PETRONAS» kompaniýasynyň uly orny bardyr. Bu düzüm ýurdumyzda işlän ýyllarynyň dowamynda Türkmenistanyň nebit we gaz senagatyna 12 milliard amerikan dollaryna golaý möçberde maýa goýumyny goýdy. «PETRONAS» häzirki döwürde türkmen hyzmatdaşlarynyň arasynda abraýa we hormata eýe bolup, netijeli, sazlaşykly işleýär. Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň ösmegine, ýangyç-energetika pudagyny döwrebaplaşdyrmaga uly goşant goşýar» diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, kompaniýanyň ýolbaşçylaryna hem-de onuň ýurdumyzda işleýän işgärlerine bilelikdäki taslamalary, maksatnamalary durmuşa geçirmekde ýokary ussatlyklary, yhlasly, tutanýerli zähmet çekýändikleri üçin minnetdarlyk bildirdi.

Bellenilişi ýaly, geçen döwürde örän köp işler amala aşyryldy. Hyzmatdaşlygyň düýpli şertnama binýady döredildi. Türkmenistanyň nebitgaz ýataklarynda önüm çykarmagyň durnukly ösüşi gazanyldy. Şu maksat bilen, deňizde 5 sany platforma guruldy we 40-a golaý gözleg, baha beriş we ulanyş guýusy burawlanyldy. Bu ägirt uly işleriň netijesinde, häzirki wagtda uglewodorod serişdeleriniň uly gorlary açyldy. Bu ugurda «Magtymguly», «Diýarbekir», «Garagöl Deňiz» ýaly ýataklar özleşdirilýär. Ýakyn wagtda «Öwez», «Maşrykow» ýataklaryny hem senagat taýdan özleşdirmek meýilleşdirilýär.

Şeýle hem Hazar deňzinde bilelikde işlenen ýyllarda 44 milliard kub metrden gowrak gazyň, 16 million tonna suwuk uglewodorodyň çykarylmagynyň «PETRONAS» kompaniýasy bilen türkmen hyzmatdaşlarynyň gazanan möhüm üstünlikleriniň biri bolandygy bellenildi. Hazar deňziniň türkmen kenarynda malaýziýaly hyzmatdaşlar bilen ysnyşykly işlemegiň esasynda gaz taýýarlaýan zawod we kenar gaz terminaly, deňiz gurnamalaryny ýygnaýan desga guruldy.

Dostlukly ýurduň Premýer-ministri çykyşynyň başynda Malaýziýanyň halkynyň adyndan hormatly Prezidentimize, Türkmenistanyň Hökümetine we doganlyk halkyna hoşallygyny beýan edip, Malaýziýada ýurtlarymyzyň arasynda ýola goýlan özara ynanyşmak, hormat goýmak, umumy ösüşe tarap ymtylmak gatnaşyklaryna ýokary baha berilýändigini belledi.

«30 ýylyň dowamynda «PETRONAS» Türkmenistanyň düzümlerini ösdürmäge, şol sanda nebitgaz infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmaga saldamly goşant goşdy. Bu üstünlik iň esasy binýada — ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak işine esaslanýar. Tejribe alyşmak, hünärmenleri taýýarlamak iki döwlet üçin hem wajyp ähmiýete eýedir. Şu günki günde Türkmenistan we «PETRONAS» hakyky, ygtybarly hem-de uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň ajaýyp nusgasyny bütin dünýä äşgär edýärler. Şu gün ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekilmegi özara gatnaşyklaryň täze tapgyryna gadam basylandygynyň güwäsi bolup durýar» diýip, Malaýziýanyň Premýer-ministri aýtdy we beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň: «Köňüller, ýürekler bir bolup başlar,//Tartsa ýygyn, erär topraklar, daşlar» diýen şahyrana setirleriniň şu gezekki duşuşygyň düýp manysyny şöhlelendirýändigini nygtady.

Plenar mejlis tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri bilelikde türkmen-malaý hyzmatdaşlygyna bagyşlanan sergi bilen tanyşdylar.

Sergi bilen tanyşlykdan soňra, döwlet Baştutanymyzyň hem-de Premýer-ministr Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Gol çekilen resminamalaryň hatarynda:

  • «Türkmennebit» döwlet konserni we «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn. Bhd.» hem-de «Hazarnebit» döwlet kärhanasynyň arasynda önümi paýlaşmak hakynda Şertnama;

  • «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn. Bhd.» kompaniýasynyň arasynda 2D seýsmiki işleri geçirmek boýunça hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyk;

  • «Türkmengaz» döwlet konserni bilen «PETRONAS Çarigali International Ventures Sdn. Bhd.» kompaniýasynyň arasynda Ylalaşyk;

  • Türkmenistanyň Hökümeti bilen Malaýziýanyň Hökümetiniň arasynda Türkmenistanyň uglewodorod serişdelerini özleşdirmek boýunça uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk etmek hakynda Çarçuwaly ylalaşyk bar.

Forumyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahime maslahata gatnaşandyklary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirilip, alyp barýan işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegi arzuw edildi.

Şeýlelikde, Aşgabatda geçirilen halkara ylmy-amaly maslahat 30 ýylyň dowamynda Türkmenistan bilen «PETRONAS» kompaniýasynyň uzak möhletleýin, özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň nusgalyk häsiýete eýedigini aýdyň subut etdi. Maslahatyň dowamynda beýan edilen pikirler hem-de teklipler taraplaryň häzirki zamanyň möhüm tehnologik, ekologik wezipelerine bilelikde netijeli çözgütleri işläp taýýarlamaga taýýardyklaryny nobatdaky gezek tassyklady.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info