Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan döredijilik bäsleşikleri jemlendi

MilliInfo

20 sagat öň

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli ýylyň başynda «Türkmen gündogary» welaýat gazetiniň redaksiýasynyň Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýat komiteti hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesi bilen bilelikde yglan eden «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» hem-de «Ýaşasyn parahat durmuş!» atly döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri belli boldy.

Resmi metbugatyň habar bermegine görä, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» bäsleşiginde goşgy ýazmak boýunça Darganata etrabynyň ýaşaýjysy Öwez Gurbanýazow 1-nji orna, Halaç etrabyndaky 18-nji orta mekdebiň mugallymy Esen Çaryýew hem-de S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby Begenç Baýramow degişlilikde 2-nji we 3-nji orunlara mynasyp boldular. Makalalar ugry boýunça Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy Aýgözel Garlyýewa 1-nji, Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy Agamyrat Akyýew 2-nji, şeýle hem welaýatyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň usulyýetçysy Gülälek Batyrowa 3-nji orunlara eýe boldular. Bäsleşikde hekaýalar ugry boýunça Darganata etrabyndaky 14-nji orta mekdebiň mugallymy Nurguly Ýagmyrow, Saýat etrabyndaky 28-nji orta mekdebiň müdiri Göwher Baltaýewa we Farap etrabyndaky 17-nji orta mekdebiň mugallymy Enejan Hudaýberdiýewa degişlilikde 1-nji, 2-nji hem-de 3-nji orunlara mynasyp boldular.

Asuda, parahat zamanamyzyň, hoşniýetli Bitaraplyk ýörelgelerimiziň çuňňur mazmunyny açyp görkezmek, ajaýyp döwrümiziň mukaddesliklerini beýan etmek boýunça makalalar we oçerkler ugry boýunça geçirilen «Ýaşasyn parahat durmuş!» atly bäsleşige hem ildeşlerimiziň onlarçasynyň gatnaşandygyny belläp geçmek ýakymlydyr.

Bu bäsleşikde makalalar ugry boýunça Hojambaz etrabynyň ýaşaýjysy Çaryýar Pirimkulow 1-nji, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby Süleýman Baýramgeldiýew 2-nji hem-de Saýat etrap merkezi kitaphanasynyň müdiri Akjemal Şirowa 3-nji orunlara mynasyp hasaplanyldy. Bäsleşigiň oçerkler ugry boýunça Köýtendag etrap kitaphanasynyň kitaphanaçysy Oral Temirow 1-nji orna, Dänew etrabyndaky 26-njy orta mekdebiň mugallymy Gülnara Joraýewa hem-de welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Gurban Çaryýew degişlilikde 2-nji we 3-nji orunlara mynasyp boldular.

Bäsleşikde ýeňiji bolanlara dabaraly ýagdaýda Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.


Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo