Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeni merkeziniň guramagynda edebi duşuşyk hem-de çeper okaýyş bäsleşigi geçirildi. Çäre pars nusgawy edebiýatynyň görnükli şahyry Sady Şirazynyň hatyra güni mynasybetli guraldy.
Foruma gatnaşyjylar we myhmanlar uniwersitet bilen Eýranyň Medeniýet merkeziniň bilelikde guran tematiki sergisi bilen tanyşdylar. Sergi Sady Şirazynyň döredijiligine hem-de 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygaryna bagyşlandy.
Ajaýyp çäräni Magtymguly adyndaky TDU-nyň rektory Orazgeldi Öwezsähedow, Eýran Yslam Respublikasynyň ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani hem-de ilçiniň medeniýet boýunça geňeşçi Abdolreza Abbasi dagy açdy. Çykyşlarda türkmen we pars edebiýatlarynyň umumylygy nygtalyp, iki ýurduň köp asyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň bitewi medeni we ruhy gymmatlyklara esaslanýandygy bellenildi.
Bäsleşige ýurduň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar:
Magtymguly adyndaky TDU;
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty;
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty;
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty;
Eýran Yslam Respublikasynyň ilçihanasynyň Medeniýet merkezindäki pars dili kurslarynyň diňleýjileri.
Bäsleşik üç tapgyrda geçirildi:
1. Gatnaşyjylar Sady Şirazynyň pars dilindäki beýik goşgularynyň 6-syny ýatdan okadylar.
2. Saýlanyp alnan 9 finalçy okalan setirleriň manysyny pars dilinde giňişleýin düşündirdi.
3. Iň güýçli 6 gatnaşyjy beýik şahyryň ömri we döredijiligi boýunça eminler toparynyň sowallaynyň 30-syna jogap berdi.
Bäsleşigiň ýeňijileri:
I orun: Nurana Amanmuradowa (Medeniýet merkeziniň diňleýjisi);
II orun: Nurana Garrybaýewa (Medeniýet merkeziniň diňleýjisi);
III orun: Selbi Orazowa (D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň II ýyl talyby).
Ýeňijiler minnetdarlyk hatlary, pul baýraklary we Sady Şirazynyň eserleriniň türkmen dilindäki ýygyndylary bilen sylaglandy.
Agşamyň medeni maksatnamasyny Magtymguly adyndaky TDU-nyň «Bagtyýarlyk owazlary» merkeziniň wekilleriniň medeni çykyşlary, şeýle hem D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplarynyň türkmen we pars dillerinde ýerine ýetiren aýdymlary bezeledi.