Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow awgust aýynyň başynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny ýokary derejede geçirmek babatda guramaçylyk döwlet toparynyň alyp barýan taýýarlyk işleriniň ýagdaýy bilen tanyşdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow ir bilen Türkmenbaşy Halkara howa menziline geldi we bu ýerde döredilen döwrebap şertler bilen tanyşdy.
Bu günki gün pederlerimiziň «Myhman ataňdan uly», «Gelen — döwlet» diýen paýhasly jümlelerine eýermek bilen, ýurdumyza gelýän wekiller myhmansöýerlik däpleri esasynda garşylanylýar. Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde hem bu ugurda ähli mümkinçilikler döredilipdir. Munuň özi Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza geljek myhmanlaryň howa menzilinde türkmen myhmansöýerliginiň däplerine laýyklykda garşylanylmagy babatda hem zerur tagallalaryň edilýändiginiň aýdyň mysalydyr.
Türkmenbaşy Halkara howa menziliniň halkara gatnawlaryň ýolagçy terminalynda kämil enjamlar bilen enjamlaşdyrylan pasportlary resmileşdirmek we gözegçilik nokatlary hereket edýär. Döwlet migrasiýa gullugynyň işini kämilleşdirmek we onuň işine sanly ulgamy yzygiderli ornaşdyrmak, migrasiýa babatda ýokary hilli hyzmatlary amala aşyrmak boýunça zerur çäreler amala aşyrylýar.
...Milli Liderimiz howa menzili bilen tanyşlygyň dowamynda bu ýerde ýerleşýän söwda nokatlarynda hyzmatlaryň ýokary hiliniň üpjün edilmelidigini, myhmanlar üçin ýörite sowgatlyklaryň taýýarlanylmalydygyny belläp, öz maslahatlaryny berdi. Howa menziliniň söwda nokatlarynda türkmen telekeçileri tarapyndan öndürilýän önümleriň dürli görnüşleri hödürlenilýär.
Gahryman Arkadagymyz foruma gatnaşmaga geljek myhmanlara howa menzilinde ýokary hilli hyzmatlaryň üpjün edilmegi boýunça ýerine ýetirilýän işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Milli Liderimiz howa menziliniň halkara gatnawlaryň ýolagçy terminalyna geldi we pasportlary resmileşdirmek nokadyndan geçdi. Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy gümrük geçiş nokadyndan geçdi we bu ýerde döredilen döwrebap şertler bilen tanyşdy.
Soňra Gahryman Arkadagymyz Türkmenbaşy Halkara howa menziline gelip gowşan täze tehnikalaryň aýratynlyklary bilen tanyşdy. Hojalyk ugrunda ulanyljak döwrebap tehnikalar ýurdumyzyň ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň barha berkidilýändigini görkezýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri tehnikalary synlap, olaryň ulanylyşyna, abatlygyna aýratyn ünsi çekdi we bu ugurda öz maslahatlaryny berdi. Hormatly Arkadagymyz ýokary tizlikli sport awtoulagynda howa menziliniň uçuş-gonuş zolagynyň tekizligini, uçarlaryň uçmagy we gonmagy üçin amatlylyk ýagdaýyny hem synagdan geçirdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sport awtoulagyny örän ýokary tizlikde dolandyrmak bilen, uçuş-gonuş zolagynyň meýdançasyndan geçdi we ýoluň tekizligini, abatlygyny, hilini gözden geçirdi.
Milli Liderimiz sport awtoulagynyň tizligini artdyryp, çylşyrymly öwrümleriň birnäçesini ýerine ýetirdi. Ýokary tizlikde barýan sport awtoulagy sürüjiden erjelligi, ugurtapyjylygy, sowukganlylygy, tiz çözgüt kabul etmegi, umuman, ähli babatda taýýarlygy talap edýär.
...Gahryman Arkadagymyz ýolugra howa menziline barýan ýoluň özboluşly aýratynlyklaryny synlady. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän dabaraly medeni çäreleriň geçirilýän ýerine geldi hem-de bu ýerde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy.
Halkara foruma taýýarlygyň çäklerinde bu ýerde abadanlaşdyryş we enjamlaşdyryş işleri ýokary depginde dowam edýär. Dürli medeni çäreleriň, aýratyn-da, konsertleriň şowhunly geçirilmegi üçin ähli şertler döredilýär. LED ekranlar, köpöwüşginli interaktiw suw çüwdürimleri medeni çäreleriň guralýan pursatlarynda bir bitewi sazlaşygy emele getirip, olaryň şowhunyny has-da artdyrar.
«Bu ýerde guraljak dabaralar ýurtlaryň arasynda medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga, dostlukly halklaryň medeniýetinde we sungatynda gazanylan üstünlikler bilen ýakyndan tanyşmaga ýardam berer» diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.
Milli Liderimiz bu ugurda alnyp barylýan işlere ylmy taýdan çemeleşilmelidigini hem-de türkmen halkynyň «Ýedi ölçäp, bir kes» diýlen pähiminden ugur alynmalydygyny belledi we öz maslahatlaryny berdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy maslahatyň ähmiýeti barada aýdyp, bu ýerde ýerine ýetirilýän işlere toplumlaýyn çemeleşmegiň, hususan-da, awtoduralgalaryň göz öňünde tutulmalydygyny nygtady. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz milli tagamlaryň sergisine gowy taýýarlyk görmegiň we ony ýokary derejede geçirmegiň möhümdigini aýtdy. Dabaraly çäreler Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bilen dünýä döwletleriniň arasynda özara hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge, milli mirasymyzy, medeni gymmatlyklarymyzy gorap saklamaga, olary dünýä ýaýmaga, giňden wagyz etmäge gönükdirilendir.
Gahryman Arkadagymyz jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.
***
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Hazar deňzinde gämili ýüzüşi amala aşyrdy.
Hazaryň türkmen kenaryna bezeg berip oturan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy bu gün dünýäde uly meşhurlyga eýe bolýar. Deňiz kenaryndaky bu täsin tebigy dynç alyş zolagynda ajaýyp şypahanalar, bejeriş-sagaldyş bölümlerini öz içine alýan myhmanhanalar, çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleri, maşgala bolup dynç almak üçin niýetlenen kottejler, sport toplumlary guruldy. Amatly howa şertleri, Hazar deňziniň kenar ýakasynyň baý şypahana kuwwaty, iň döwrebap tehnologiýalardan, innowasiýalardan, öňdebaryjy binagärlik hem-de inženerçilik-tehniki çözgütlerden ugur alynmagy Diýarymyzy halkara syýahatçylygyň, şypahana-dynç alşyň we sportuň ykrar edilen merkezine öwürýär.
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew ýurdumyzyň deňiz çäklerinde, aýratyn-da, halkara forumyň geçiriljek döwründe tertip-düzgüniň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrjak dürli görnüşli gämileriň aýratynlyklary barada maglumat berdi.
Gahryman Arkadagymyz gämi arkaly ýüzüşiniň dowamynda deňiz giňişliginde tertip-düzgüniň berjaý edilişini gözegçilikde saklaýan gämileri synlap, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça forumyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi ugrunda ähli tagallalaryň edilmelidigini belledi.
Soňra Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny geçirdi. Onda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek bilen bagly meselelere seredildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri häzirki wagtda maslahata taýýarlyk görmegiň çäklerinde ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan degişli işleriň alnyp barylýandygyna ünsi çekdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiziň degişli Karary esasynda, ýakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň arasynda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty geçirmek babatda ylalaşmalar babatda Ylalaşyga gol çekilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu resminamadan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigi aýdyldy.
Milli Liderimiz sözüni dowam edip, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň çäklerini abadanlaşdyrmak we arassaçylyk işlerini ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirmäge zerur üns berilmelidigini nygtady. Şunuň bilen bir hatarda, myhmanhanalarda daşary ýurtly myhmanlara ýokary derejede hyzmat etmek üçin zerur şertleri döretmegiň, olarda lukmançylyk hyzmatlaryny amala aşyrmagyň, hususan-da, «Tiz kömek» awtoulaglarynyň, söwda nokatlarynyň talabalaýyk işlemegini üpjün etmegiň wajypdygy aýdyldy.
Hormatly Arkadagymyz çäreleriň geçirilýän döwründe Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan jemgyýetçilik tertip-düzgüniniň, howpsuzlygyň berjaý edilmegini gözegçilikde saklamagyň möhümdigine ünsi çekdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy forumyň çäklerinde guraljak medeni-ynsanperwer çäreleriň, aýratyn-da, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli günleriniň hormatyna guraljak dostluk konsertiniň, milli tagamlaryň festiwalynyň guramaçylyk derejesine ähmiýet berilmelidigini belledi we bu babatda öz maslahatlaryny berdi. Şunuň bilen bir hatarda, maslahaty we onuň çäklerinde geçiriljek çäreleri giňden beýan etmek üçin internet serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagyna aýratyn üns berilmelidir.
Iş maslahatyna gatnaşyjylar halkara forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek ugrunda ähli gujur-gaýratlaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Gahryman Arkadagymyz maslahaty jemläp, hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra Milli Liderimiz Balkan welaýatyna iş saparyny tamamlap, paýtagtymyza ugrady.