Beýik Britaniýanyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasynyň habar bermegine görä, şu ýylyň 25-nji fewralyndan Birleşen Patyşalygyň immigrasiýa ulgamy dolulygyna sanly iş formatyna geçdi. Esasy täzelik pasportlardaky kagyz görnüşli wiza bellikleriniň (vignette) ýatyrylmagy boldy — indi olar doly derejede elektron wizalar (eVisa) bilen çalşyryldy.
Daşary ýurt raýatynyň ýurda girmäge we onda bolmaga bolan hukugy baradaky ähli maglumatlar indi diňe Beýik Britaniýanyň immigrasiýa gullugynyň sanly reýestrine giriziler we şol ýerde saklanar.
Täze düzgün girmek boýunça rugsatnama almak üçin zerur bolan resminamalaryň sanawyna we olara seretmek prosesine hiç hili täsir etmeýär. Ýüz tutmalary tabşyrmak işiniň yzygiderliligi bolsa öňküligine galýar.
Ilçihana syýahatlary meýilleşdiren wagtyňyzda kynçylyklaryň öňüni almak üçin raýatlary resminama tabşyrmagyň täze düzgünleri bilen gov.uk/eVisa döwlet portalynda öňünden tanyşmaga çagyrýar.