Howa maglumaty: ahyrsoňy hakyky güýz howasy başlandy

MilliInfo

13 sagat öň

Noýabryň gelmegi bilen Türkmenistanda ýagyş ýagyp we howa sowap başlady. Hepdäniň başynda paýtagtda we welaýatlarda az-kem ýagşyň ýagmagyna garaşylýar. Ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde gijelerine has-da sowuk bolar.

Aşgabatda bulutly, käwagt açyk howa bolar. Gündiz howanyň temperaturasynyň +15…+18°С-den +19…+21°С çenli ýokarlanmagyna, gijelerine bolsa +4…+9°С-den +8…+10°С aralygynda bolmagyna garaşylýar. Gysga wagtlyk ýagyş ýagmagy mümkin.

Ahal welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolar. Gündiz howanyň temperaturasynyň +14…+17°С-den +19…+23°С çenli ýokarlanmagyna, gijelerine bolsa +5…+8°С-den +10…+13°С çenli bolmagyna garaşylýar.

Balkan welaýatynda bulutly howa bolar. Gündizine +16…+19°С maýyl bolar. Gijelerine howanyň temperaturasynyň +7…+10°С-den +12…+14°С çenli bolmagyna garaşylýar. Hepdäniň başynda ýagşyň ýagmagy mümkin.

Mary welaýatynda açyk hem-de bulutly howa saklanar. Howa gündizlerine +14...+16°С-den +17...+20°С-e çenli, gijelerine bolsa +2...+9°С-den +5...+7°С aralygynda üýtgäp biler.

Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolar. Howanyň temperaturasy gündizlerine +10...+13°С-den +15...+18°С-e çenli, gijelerine bolsa 0...+4°С-den +5...+7°С çenli üýtgäp biler. Käbir ýerlerde gysga wagtlyk ýagyş ýagar.

Daşoguz welaýatynda bulutly howanyň bolmagyna garaşylýar. Howanyň ýagdaýy gündizlerine +8…+11°С-den +13…+15°С, gijelerine bolsa 0…–3°С-den +4…+6°С aralygynda bolar. Ýagşyň ýagmak mümkinçiligi ýokarydyr.

 

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo