Täze ýylyň ilkinji hepdesinde Türkmenistanda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gar gatyşykly ýagyş ýagar

MilliInfo

29 Dekabr, 2025

Täze ýylyň ilkinji hepdesinde Türkmenistanda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gar gatyşykly ýagyş ýagar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy 2025-nji ýylyň 29-njy dekabrdan — 2026-njy ýylyň 4-nji ýanwary aralygynda boljak howa barada maglumat berdi.

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda we ahyrynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 11-13-den 14-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -1...+1°С-dan +5...+7°С aralygynda maýyl, gündizlerine +5...+7°С-dan +15...+17°С aralygynda maýyl bolar.

Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gar gatyşykly ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 8-13-den 12-17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -3...+2°С-dan +3...+8°С aralygynda maýyl, gündizlerine +4...+9°С-dan +14...+19°С aralygynda maýyl bolar.

Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gar gatyşykly ýagyş ýagar. Günbatardan günorta-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 8-13-den 12-17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -3...+2°С-dan +3...+8°С aralygynda maýyl, gündizlerine +12...+17°С, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +7...+12°С maýyl bolar.

Mary welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda we ahyrynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 8-13-den 13-18 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine        -3...+2°С-dan +5...+10°С aralygynda maýyl, gündizlerine +6...+11°С-dan +16...+21°С aralygynda maýyl bolar.

 Lebap welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda we ahyrynda ýagyş ýagar. Günortadan demirgazyk-gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 8-13-den 12-17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -4...+1°С-dan +6...+11°С aralygynda maýyl, gündizlerine +5...+10°С-dan +15...+20°С aralygynda maýyl bolar.

Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gar gatyşykly ýagyş ýagar. Günorta-günbatardan demirgazyk-gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda   7-12-den 11-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2...-7°С sowukdan -2...+3°С aralygynda maýyl, gündizlerine 0...+5°С-dan +6...+11°С aralygynda maýyl bolar.

Hepdäniň dowamynda Türkmenistan boýunça ýagnyň mukdary 0,1-12,0 mm bolmagyna garaşylýar. 

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info