Garagumuň jümmüşinde: Ahal we Daşoguz welaýatlarynda geçen ralli-reýdiň ýeňijileri kesgitlenildi

MilliInfo

11 sagat öň

Garagumuň jümmüşinde: Ahal we Daşoguz welaýatlarynda geçen ralli-reýdiň ýeňijileri kesgitlenildi

27-28-nji iýunda Ahal we Daşoguz welaýatlarynyň çäginde ralli-reýd boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Gatnaşyjylar Garagum sährasynyň agyr şertlerinden geçýän 358 kilometrlik örän çylşyrymly menzili külterlediler. Iki gün dowam eden çekeleşikli ýaryşyň netijeleri boýunça Awtomobil sporty federasiýasynyň, Awtomobil ulaglary ministrliginiň we Içeri işler ministrliginiň wekilleri ýeňiş gazandylar.

Bu giň gerimli ýaryş Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Içeri işler ministrliginiň hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň bilelikdäki tagallalary esasynda guraldy.

Ýoluň iň çalt sürüjisi diýen at ugurda professional ekipažlar bäsleşdiler. Ýaryşyň umumy aralygy iki sany esasy tizlik tapgyryna bölünip, olar pilotlardan ýolsuz künjeklerde ýokary ünslüligi we ulagy dolandyrmakda uly ussatlygy talap etdi.

Ýaryşyň umumy hasabynda baýrakly orunlar şeýle paýlandy:

  • 1-nji orun: Baýram Annagulyýew (Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasy). Ol «Nissan Patrol» kysymly ýolsuz ýerlerde sürmäge niýetlenen ulagynda bellenen aralygy 3 sagat 39 minut 56 sekuntda geçip, iň gowy netijeni görkezdi.

  • 2-nji orun: Merdan Toýlyýew (Awtomobil ulaglary ministrligi). Ol «Nissan Patrol» ulagynda ýeňijiden bary-ýogy birnäçe minut yza galyp, 3 sagat 46 minut 1 sekuntlyk netijäni görkezdi.

  • 3-nji orun: Çaryýar Çaryýarow (Ahal welaýat polisiýa müdirligi). Ol «Toyota Hilux» ulagy bilen bäsleşigi 4 sagat 2 minutda tamamlap, iň güýçli üçlügiň hataryna girdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info