Polşanyň startapy köne dokma önümlerini «iýýän» kömelekleri öwrendi

MilliInfo

10 sagat öň

Polşanyň «Myco Renew» startapy köne egin-eşikleri gaýtadan işlemek boýunça täze tehnologiýany hödürledi: olar köne dokma önümlerini «iýýän» kömelekleri ulanmagy öwrendiler.

Munuň üçin olar ýörite saýlanyp alnan kömelekleriň toparyndan peýdalanýarlar — bu önümler tebigy matalary hem-de sintetiki dokmalary «siňdirip» bilýärler. Daşyndan seredeniňde, bu iş yzygiderliligi zyňyndylary ýakýan peje meňzeýär, ýöne tüssäniň ornuna kömeleklerden alynýan arassa materiallar öndürilýär. Ol materiallar gurluşykda ýa-da egin-eşik tikinçiliginde ekologik çig mal hökmünde ulanylyp bilner.

Adatça, sintetiki matalaryň çüýremek prosesi onlarça, hatda ýüzlerçe ýyl dowam edýär. Kömelekler bolsa sintetiki materiallary bary-ýogy dört hepdäniň dowamynda dargadyp bilýärler. Häzirki bar bolan gaýtadan işleýiş usullaryndan tapawutlylykda, bu tehnologiýa himiki serişdeleri talap etmeýär we örän az mukdarda energiýa sarp edýär.

Her ýyl dünýäde 120 million tonna çenli egin-eşik zyňylýar, olaryň köp bölegi gaýtadan işlenmeýär. Diňe 2024-nji ýylda dünýäde şeýle bir köp egin-eşik taşlandy welin, olaryň 200-den gowrak olimpiýa stadionyny dolduryp biljekdigi aýdylýar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo