«Onlaýn taksi» we «Ynamly taksi» hyzmatlaryny ulanyjylar sürüjilere baha bermäge çagyrylýar

MilliInfo

6 Awgust, 2026

«Onlaýn taksi» we «Ynamly taksi» hyzmatlaryny ulanyjylar sürüjilere baha bermäge çagyrylýar

«Onlaýn taksi» we «Ynamly taksi» mobil goşundylarynyň ulanyjylary her bir tamamlanan sapardan soň sürüjileriň işine ýyldyz ulgamy arkaly baha berip, teswir hem-de tekliplerini galdyryp bilerler. Şeýle mümkinçilik hyzmatyň hilini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Ulanyjylaryň galdyrýan pikirleri we teklipleri hyzmatlaryň kämilleşdirilmeginde möhüm orny eýeleýär. Alnan seslenmeler esasynda müşderilere has amatly, ygtybarly we ýokary hilli taksi hyzmatlaryny hödürlemek boýunça işler dowam etdirilýär.

«Onlaýn taksi» we «Ynamly taksi» mobil goşundylaryny «Google Play» hem-de «App Store» platformalaryndan ýükläp alyp bolýar. Hyzmatdan peýdalanan müşderiler öz garaýyşlaryny paýlaşyp, sürüjileriň işine baha bermek arkaly hyzmatyň mundan beýläk hem ösdürilmegine goşant goşup bilerler.

«Onlaýn taksi» we «Ynamly taksi» gije-gündiziň islendik wagtynda, hepdäniň ýedi güni müşderilere hyzmat edýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info