Türkmenistanyň Prezidenti Polşanyň Prezidentini Respublikanyň Milli garaşsyzlyk güni bilen gutlady

MilliInfo

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Polşa Respublikasynyň Prezidenti Karol Nawroskä Polşa Respublikasynyň Milli garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Karol Nawroskä tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Polşa Respublikasynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo