Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Teýmur Çaryýew Gyrgyzystanyň «Bars» klubuna geçdi

MilliInfo

7 sagat öň

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Teýmur Çaryýew mundan beýläkki karýerasyny Gyrgyzystanyň «Bars» futbol klubunda dowam eder. Karakol şäheriniň toparynyň metbugat gullugy 25 ýaşly ýarymgoragçy bilen şertnama baglaşylandygyny habar berdi.

Türkmen futbolçysy bilen baglaşylan ylalaşyk şu ýylyň ahyryna çenli niýetlenendir. Belläp geçsek, «Bars» topary Gyrgyzystanyň häzirki çempionydyr.

Geçen möwsümde T.Çaryýew Belarusyň «Torpeda-BelAZ» klubunda çykyş etdi. Žodino şäheriniň toparynyň düzüminde ol ähli ýaryşlarda jemi 32 duşuşyga gatnaşyp, iki sany netijeli pas bermegi başardy.

Teýmur Çaryýew 11 ýaşynda Mary şäherinde futbol bilen meşgullanyp başlady. Onuň ilkinji kluby «Energetik» boldy, soňra bolsa «Merw» toparynda çykyş etdi. Mundan ozal hem, ýarymgoragçy Gyrgyzystanyň «Abdyş-Ata» klubunda oýnap, onuň düzüminde iki gezek ýurduň çempiony we Superkubogynyň eýesi bolupdy.

T.Çaryýew Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň esasy we öňdebaryjy oýunçylarynyň biri hasaplanýar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info