27-nji noýabra geçilýän gije UEFA Çempionlar ligasynyň umumy tapgyrynyň 5-nji duşuşyklarynyň 9-sy geçirildi.
«Liwerpul» «PSW-den» ýeňildi

Niderlandlaryň kluby bu oýunda 4:1 hasabynda ýeňiş gazandy. Duşuşyk «Enfild» (Liwerpul, Angliýa) stadionynda geçirildi.
Iwan Perişiçiň 6-njy minutda bellenen 11 metrlik jerime urgusyndan netijeli peýdalanmagy bilen myhman topar öňe çykdy. Bu hasap 10 minut saklandy. 16-njy minutda Dominik Soboslai hasaby deňledi. 56-njy minutda bolsa Gus Til «gyzyl-aklara» ýene-de artykmaçlyk getirdi. Kouhaib Drioşyň dubly — 73-nji hem-de 90+1-nji minutlarda geçiren gollary oýnuk gutarnykly hasabyny belledi.
Bu oýundan soň 9 utugy bolan «Liwerpul» Çempionlar ligasynyň utgaşdyrylan sanawynyň orta gürpünde ýerleşse, 8 utuk toplan «PSW» hem şol bölüme düýşdi.
«Arsenal» ýeňilmezek «Bawariýany» ahmyrda goýdy

Bu oýun 3:1 hasabynda londonlylaryň ýeňşi bilen jemlendi. Duşuşyk Londonyň «Emireýts» stadionynda geçirildi.
22-nji minutda Ýurrien Timber hasaby açyp, londonlylary öňe çykardy. 32-nji minutda Lenart Karl hasaby deňlemegi başardy. Noni Maduekeniň 69-njy minutda geçiren goly futbol meýdanynyň eýelerine ýene-de artykmaçlyk getirdi. 77-nji minutda bolsa Gabriel Martinelli hasaby has-da artdyrdy — 3:1.
Bu duşuşykdan soň «Arsenal» 15 utuk bilen Çempionlar ligasynyň umumy sanawynda öňdeligi eýelese, 12 utugy bolan «Bawariýa» sanawyň ýokary böleginde ýerleşýär.
Mbappeniň pokeri «Reala» ýeňiş getirdi

Gresiýanyň Pireý şäherindäki duşuşyk myhmanlaryň peýdasyna 4:3 hasaby bilen tamamlandy. «Realdan» Kilian Mbappeniň pokeri (22-nji, 24-nji, 29-njy we 60-njy minutlar) bellige alyndy. «Olimpiakosyň» gollaryny bolsa Çikino (8), Mehdi Taremi (52) we Aýub El-Kaabi (81) geçirdi.
Şunlukda, bir gezek ýeňlip, dördünji ýeňşini gazanan «Real» (12 utuk) Çempionlar ligasynyň umumy tapgyrynyň ýaryş tertibinde 5-nji orny eýeleýär. Madridiň kluby ähli ýaryşlardaky üç duşuşyga uzan ýeňişsiz tapgyryň soňuna çykdy. «Olimpiakos» (2 utuk) bolsa ýaryş tertibiniň 33-nji basgançagynda barýar.
Oýun gününiň ähli duşuşyklarynyň netijeleri:
«Kopengagen» – «Kaýrat» – 3:2;
«Pafos» – «Monako» – 2:2;
«Sporting» – «Brýugge» – 3:0;
«Aýntraht» Frankfurt – «Atalanta» – 0:3;
«PSŽ» – «Tottenhem» – 5:3;
«Liwerpul» – «PSW» – 1:4;
«Atletiko» Madrid – «Inter» Milan – 2:1;
«Olimpiakos» – «Real» – 3:4;
«Arsenal» – «Bawariýa» – 3:1.
Nobatdaky tapgyryň duşuşyklary 9-10-njy dekabrda geçiriler.