Hytaýda bir alyjy, dükanyň görkezme üçin goýan «iPhone 17 Pro» smartfonynyň tötänleýin ýagdaýda dörän kiçijik çukurjygy üçin jerime tölemäge mejbur boldy.
Maglumatlara görä, bu adam smartfony diwarlykda yzyna goýmakçy bolanda, ony tötänleýin stoluň üstüne gaçyrypdyr. Takmynan 5 santimetr beýiklikden gaçan «iPhone 17 Pronyň» korpusynda kiçijik çukurjyk emele gelipdir. Bu kiçijik hadysa üçin müşderä 200 ýuan (28 dollar) möçberinde jerime salyndy.
Ýeri gelende bellesek, «iPhone 17 Pro» we «Pro Max» modelleri ozal ulanylan titanyň deregine, bütinleý alýumin metal gabarany saýlady. Bu täze material çyzyklara we egrelmelere has ýygy-ýygydan sezewar bolýar, şonuň üçin hem, ilkinji ulanyjylar smartfony daşlyksyz peýdalananlarynda ýüze çykýan kemçiliklerinden şikaýat edýärler.

