Biznesiňizi özgertmegiň tapgyrlaýyn algoritmi: «Ýola Rowana» tarapyndan Aşgabatda geçiriljek trening

MilliInfo

18 sagat öň

Biznesiňizi özgertmegiň tapgyrlaýyn algoritmi: «Ýola Rowana» tarapyndan Aşgabatda geçiriljek trening

24/7 tertibinde işleýändigiňize, sözüň doly manysynda işde ýaşaýandygyňyza garamazdan, girdejiler näme üçindir şol bir ýerde durmy? Size kepil geçýäris: munuň sebäbi bazaryň ýagdaýynda ýa-da nobatdaky krizisde däl. Esasy mesele — netijeli işleýän ulgamyň ýoklugynda.

Eger-de siziň biznesiňiz häli-häzire çenli el bilen dolandyryşda saklanyp, tertipsiz çözgütlere (intuisiýa sanlaryň ornuny tutanda) we diňe özüňize bagly bolsa, onda ol ýokary töwekgelçilik zolagyndadyr. Eger-de siziň dynç alşa gitmegiňiz ähli işiň çökmegine howp salýan bolsa, onda siz biznesi dolandyrmaýarsyňyz. Siz diňe özüňiz üçin dünýädäki iň agyr işi döretdiňiz, bu bolsa gutulgysyz ruhy ýadawlyga alyp barýar.

Şeýle bolsa «Ýola Rowana» hojalyk jemgyýeti 20-nji iýuldan 23-nji iýul aralygynda hut siziň üçin niýetlenen okuw maslahatyny (trening) geçirer. Onuň dowamynda telekeçilere öz biznesini ösdürmäge, girdejilerini artdyrmaga we ýolbaşçylyk ukyplaryny kämilleşdirmäge kömek edýän köp sanly amaly gurallar bilen tanyşmaga mümkinçilik dörär.

Bu okuw-maslahaty diňe bir nobatdaky sapak däl, eýsem, ol işiňizi dolulygyna täzeden guramakdyr!

Bu diňe bir nazaryýet däl, eýsem, kärhanaňyzy özgertmegiň tapgyrlaýyn algoritmidir:

  • Ol operasion tertipsizliginden — berk we aýdyň ulgama çenli;

  • Hemişelik «ýangyn söndürmekden» — strategik meýilleşdirişe çenli;

  • Saklanyp galmak tertibinden — maliýe taýdan birnäçe esse ösüşe çenli uzaýar.

«Ýola Rowana» tarapyndan geçirilýän bu trening diňe bir «biznes bilen oýnamagy» bes edip, hakyky imperiýa gurmak isleýänler üçindir:

  • Biznes eýeleri — ahyrsoňy gündelik ownuk işlerden saplanyp, işiň gerimini giňeltmek bilen meşgullanmak isleýänler üçin.

  • Telekeçiler —intuisiýa esasyndaky tertipsizlikden takyk guramaçylyk gurluşyna geçmegi zerur hasaplaýanlar üçün.

  • Top-menejerler — kompaniýada dünýä derejesindäki dolandyryş gurallaryny ornaşdyrmaga çalyşýan ýolbaşçylar üçin.

Biznesiňizi täzeden guramaga we ösüşe päsgel berýän böwetleri aýyrmaga taýýarmy?

«Ýola Rowana» öz ukyplaryňyzy amala aşyrmak we maliýe maksatlaryňyza ýetmek üçin ajaýyp mümkinçilikleri hödürleýär. Kompaniýa sizi telekeçilikde täze netijelere ýetmek üçin niýetlenen okuw maslahatyna çagyrýar!

«Ýola Rowana» — ösüşe we üstünlige uzaýan ýol!

Geçirilýän ýeri: Aşgabat ş., 14-nji tapgyr, «Asuda Asman» binasy.
Habarlaşmak üçin:
+993 65 17 05 80
+993 61 73 22 99
+993 62 10 63 33
Instagram: @yola_rowana.tm

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info