Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Mongoliýanyň ilçileri Belgiýa bilen gatnaşyklary giňeltmegiň meselelerini maslahatlaşdy

MilliInfo

Brýussel şäherindäki Egmont köşgünde Belgiýa Patyşalygynyň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri Maksim Prewonyň Merkezi Aziýa döwletleriniň we Mongoliýanyň ilçileri bilen iş ertirligi geçirildi.

Çäre Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky ilçisiniň başlangyjy esasynda Türkmenistanyň ilçihanasynyň Belgiýanyň daşary işler ministrligi bilen bilelikde utgaşdyrmagynda guraldy.

Duşuşygyň dowamynda Belgiýanyň Merkezi Aziýa ýurtlary we Mongoliýa bilen ykdysadyýet, ulag, energetika, logistika, innowasiýalar, durnukly ösüş hem-de strategik çig mal serişdeleri ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Belgiýanyň daşary işler ministri öz çykyşynda sebit döwletleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini belläp, olaryň ykdysady we demografik mümkinçiliklerine, şeýle hem bilelikdäki amaly taslamalary durmuşa geçirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Türkmenistanyň ilçisi S.Pälwanow Merkezi Aziýanyň halkara ulag we söwda arabaglanyşygynyň möhüm halkasy hökmünde barha artýan ornuny belledi. Şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşyklarynyň ähmiýetine, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara derejede ykrar edilmegine we Aşgabatda ýerleşýän Merkezi Aziýa üçin BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işine aýratyn üns çekildi.

Türkmenistanyň ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygyny ösdürmekdäki ornuna, hususan-da Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň hem-de Hazarüsti Halkara ulag geçelgesiniň mümkinçiliklerine ünsi çekildi. Türkmenistan bilen Belgiýanyň dokma senagaty pudagyndaky hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň üstünlikli mysaly hökmünde görkezildi.

Duşuşygyň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Mongoliýanyň ilçileri söwda, maýa goýumlar, ulag, energetika, bilim we durnukly ösüş ugurlarynda Belgiýa hem-de Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça milli ileri tutulýan ugurlary we teklipleri beýan etdiler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info