Ýewropa Bileleşiginiň ilçisi Beata Peksa Türkmenistandaky diplomatik wezipesini tamamlaýar

MilliInfo
Ýewropa Bileleşiginiň ilçisi Beata Peksa Türkmenistandaky diplomatik wezipesini tamamlaýar

30-njy iýulda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Beata Peksa bilen duşuşdy.

Duşuşykda Türkmenistanyň dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalar, şol sanda Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklara uly ähmiýet berýändigi bellenildi. Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ýokary baha berildi. Durnukly ösüş, energetika, ekologiýa, ylym-bilim, üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek, söwda we ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak ýaly ugurlarda ýola goýlan hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete eýedigine üns çekildi. «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» köptaraplaýyn görnüşdäki dostlukly gatnaşyklaryň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde sebit we ählumumy ähmiýeti nygtaldy. «Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi» parlamentara dialogynyň özara bähbitli meseleleri ara alyp maslahatlaşmakda we hyzmatdaşlygy berkitmekde möhüm gural bolup hyzmat edýändigi bellenildi.

Ilçi öz gezeginde Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyna daýanyp hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryndan ugur alyp, dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen ýola goýan hyzmatdaşlygyna,  howpsyzlygy we kanunyň hökmürowanlygyny, adam hukuklaryny, şol sanda gender deňligini  üpjün etmek,  daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegi, sanly ulgam, suw serişdeleri babatda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ilerletmek boýunça alyp barýan işlerine ýokary baha berýändigini nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda milli Parlamentiň ýolbaşçysy D.Gulmanowa ilçi Beata Peksa ýurdumyzda diplomatik wezipede işlän döwründe  Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda dostluk köprüsini berkitmekde, parlamentara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda goşan saldamly goşandy üçin hoşallyk bildirdi we oňa geljekki işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info