Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi pars dilindäki 40-dan gowrak eseri Döwlet kitaphanasyna sowgat etdi

MilliInfo

1 sagat öň

Eýranyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani we ilçihananyň medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda boldular we pars dilinde neşir edilen 40-dan gowrak eseri ajaýyp kitaphana sowgat berdiler.  

Eýranyň ilçihanasynyň wekilleri bu ýerde kitaphananyň başlygy Laçyn Nurmuhammedowa bilen duşuşdylar. Duşuşygyň çäginde medeniýet we ylym-bilim ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Soňra myhamanlar «Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar» bölüminde ýerleşdirilen pars dilindäki kitaplar we Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşary ýurt dillerine terjime edilen eserleri bilen tanyş boldular. Şeýle-de olar «Seýrek neşirler» bölüminde ýerleşdirilen seýrek duş gelýän gadymy kitaplar we ilkinji çap edilen neşirler bilen tanyşdylar. 

Duşuşygyň ahyrynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehanä Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy tarapyndan türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynyň pars diline terjime edilen nusgasy sowgat edildi. Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçi Abdolreza Abbasiniň pars dilinde neşir edilen 40-dan gowrak eseri gowşurmagy bolsa türkmen kitaphanasynyň kitap gorunyň has-da baýlaşmagyna itergi berdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info