Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmed Alhaý Al Hameli S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Birleşen Arap Emirlikleriniň oba hojalygy ulgamynda gazanan sepgitleri we azyk howpsuzlygy babatynda alyp barýan tagallalary, şeýle hem Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda oba hojalygy ulgamynda hyzmatdaşlygy» temasy boýunça okuw sapagyny geçdi. Oňa uniwersitetiň professor-mugallymlarydyr talyp ýaşlary, ilçihananyň we ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň wekilleri gatnaşdylar.
Uniwersitetiň myhmanlary, ilki bilen, bu ýerde guralan ylmy-taslama işleriniň, oba hojalyk, azyk we dokma önümleriniň sergisini synladylar.
Bu okuw sapagynda dostlukly döwletiň oba hojalygynyň ösüşleri, azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde gazananlary, serişdeleri durnukly peýdalanmak boýunça häzirki zaman oba hojalyk çözgütleridir tehnologiýalary hakynda gürrüň edildi. Şeýle okuw sapaklary özara bilim-tejribe alyşmaga, degişli pudakda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini öwrenmäge ýardam edýär.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň oba hojalygy boýunça Bioşorly halkara merkeziniň (ICBA) «Ot-iým önümçiligi ulgamlaryny kämilleşdirmek hem-de durnuksyzlyga sezewar bolan öri meýdanlaryny dikeltmek boýunça netijeli çäreleri amala aşyrmak» taslamasyny durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlygy hakynda hem gürrüň edildi.
