1-nji awgustda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlar şanly senäni — ÝHHG-niň esas goýujy resminamasy bolan Helsinki Jemleýji Namasyna gol çekilmeginiň 50 ýyllygyny belleýär. Bu sene parahatçylyk we özara düşünişmek ýörelgelerini işjeň goldaýan Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistan üçin aýratyn ähmiýete eýedir.
«Türkmenistan» gazetindäki awtorlyk sütüninde guramanyň ilçisi we ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkeziniň başlygy Jon MakGregor dört ýyllyk işiniň netijelerini jemledi we Türkmenistanyň dialogy ösdürmekdäki hem-de sebitde durnuklylygy pugtalandyrmakdaky goşandyny belläp geçdi.
Onuň sözlerine görä, 1975-nji ýylda Helsinki Jemleýji Namasyna gol çekilmegi Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky gatnaşyklarda hakyky öňegidişlik bolup, häzirki wagtda ählumumy howpsuzlygyň ýörelgelerini işläp düzmäge mümkinçilik berdi: çäk bitewiliginden we serhetleriň eldegrilmesizliginden adam hukuklaryna, azatlyga hem-de deňlige çenli.
Ilçi ÝHHG-nyň diňe bir syýasy dialog bilen çäklenmeýändigini, guramanyň millionlarça adamyň durmuşyna hakyky täsirini ýetirýändigini aýtdy. Hususan-da, ol düşünişmezliklere gözegçilik wezipeleriniň netijeleri, adalaty dabaralandyrmak we döwlet dolandyryş ülňüleri barada belledi.
Jon MakGregor şu ýyl hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny belleýän Türkmenistana aýratyn ähmiýet berdi. Onuň sözlerine görä, bu ajaýyp ýurt Bitaraplyk hukuk derejesini sebit howpsuzlygyny pugtalandyrmak üçin ulanyp boljakdygynyň oňyn nusgasydyr. ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi syýasy-harby, ykdysady-ekologiki we ynsanperwer ugurlarda uly işjeňlik görkezýär we ýurduň ileri tutýan ýörelgelerini goldaýar.
«Men siziň ajaýyp ýurduňyz we myhmansöýer adamlary hakyndaky iň mähirli ýatlamalary alyp gidýärin» — diýip, öz wezipesini tamamlaýan ilçi belledi.
📰 Makalanyň doly nusgasyny «Türkmenistan» gazetiniň 30-njy iýuldaky sanyndan tapyp bilersiňiz.