Koreýa Respublikasynyň ilçisi Türkmenabatdaky «Daewoo E&C» himiýa toplumynyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy

MilliInfo

28 Iýun, 2026

Koreýa Respublikasynyň ilçisi Türkmenabatdaky «Daewoo E&C» himiýa toplumynyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy

19-njy iýunda Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Li Wonje «Daewoo E&C» kompaniýasy tarapyndan Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde gurulýan fosfor dökünlerini öndürýän toplumyň gurluşyk meýdançasyna baryp gördi.

Saparyň dowamynda ilçi «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň taslama boýunça ýolbaşçysy Umytjan Ereşow bilen duşuşdy we gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy. Şeýle hem kompaniýanyň işgärlerini goldamak maksady bilen guralan agşamlyk naharyna gatnaşdy.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmenabat himiýa zawodynyň binýadynda bu toplumy taslamak we gurmak boýunça «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Daewoo Engineering & Construction» kompaniýasynyň arasyndaky şertnama 2025-nji ýylyň maý aýynda gol çekildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info