ABŞ-nyň ilçisi Türkmenistandaky diplomatik wezipesini tamamlaýar

MilliInfo
ABŞ-nyň ilçisi Türkmenistandaky diplomatik wezipesini tamamlaýar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow ýurdumyzdaky diplomatik wezipesini tamamlaýan Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Elizabet Rud bilen duşuşdy.

Bu ýerde taraplar soňky ýyllarda türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň oňyn ösüş depginini bellediler. Ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmakda ýokary we iň ýokary derejedäki saparlaryň hem-de gatnaşyklaryň möhüm ähmiýete eýedigi nygtaldy.

Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny, şeýle hem syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň daşary işler ministri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşan goşandy üçin ilçä minnetdarlyk bildirip, oňa geljekki hünär işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Öz gezeginde ilçi Türkmenistanda diplomatik gullugyny alyp baran döwründe berilen goldaw we ýardam üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylygyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info