Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda diplomatik işgärleriň güni mynasybetli geçirilen halkara sergä gatnaşdy.
Sergide Azerbaýjanyň ilçihanasy ýurduň baý taryhy mirasyny, medeniýetini, sungatyny we syýahatçylyk mümkinçiliklerini görkezýän neşirler, broşýuralar, suratly önümler, sowgatlyklar we milli senetçilik nusgalaryny görkezdi. Şunuň bilen birlikde, «Made in Azerbaijan» brendi bilen öndürilen önümler hem sergilendi we gatnaşyjylara hödürlendi. Mundan başga-da, ýurduň milli egin-eşikleri görkezilip, «Azerbaijan.travel» platformasy tanyşdyryldy. Myhmanlara Azerbaýjanyň baý milli aşhanasy barada maglumat berildi, däp bolan tagamlary we süýjülikleri hödür edildi.
Bu ýerde Azerbaýjanda geçirilýän «Şäher gurluşygy we Binagärlik ýylynyň» çäginde Baku şäherinde 17-22-nji maý aralygynda geçiriljek «WUF13» çäresi, şeýle hem ýurduň durnukly şäherleşmegi, inkluziw şäher meýilnamalaşdyrylyşy we durnukly ösüş maksatlary barada giňişleýin maglumatlar berildi we Azerbaýjanyň global şäher meýilnamalaşdyrylyşynyň gün tertibinde has-da pugtalanýan orny barada beýan edildi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow ýurduň resmi agzalary we diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri bilen bilelikde Azerbaýjan diwarlygy bilen tanyşdy.
Şol bir wagtyň özünde hem Azerbaýjan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gismat Gozalow sergide türkmen metbugatyna interwýu berdi.