Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy kömekçi wezipesine hünärmen gözleýär. Bu barada Azerbaýjan Ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.
Dalaşgärlere bildirilýän talaplar:
Ýokary biliminiň bolmagy;
Türkmen we iňlis dillerini kämil derejede bilmek (dilden we ýazuw üsti bilen);
Şahsy kompýuterden ýokary derejede peýdalanmagy başarmak;
«MS Office» programmalaryny (esasan hem, «Word» we «Excel») gowy bilmek.
Gyzyklanma bildirýän dalaşgärler öz rezýumelaryny iňlis dilinde aşakdaky elektron poçta salgysyna ibermeli:
ashgabat@mission.mfa.gov.az .