Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan Aşgabat şäherindäki «Ýyldyz» myhmanhanasynda mukaddes Oraza aýy mynasybetli agzaçar sadakasy berildi.
Çärede ilçi Gismat Gozalow myhmanlar bilen salamlaşyp, Oraza aýynyň başlanmagy bilen gatnaşyjylary gutlady. Ilçi çykyşynda bu mukaddes aýyň Yslam dünýäsinde ruhy taýdan täzelenmegiň, agzybirligiň we özara goldawyň möhüm nyşanydygyny belledi. Oraza aýynyň adamlaryň arasynda dostlugyň we düşünişmegiň berkmegine goşant goşýandygyny nygtady. Şol bir wagtyň özünde, iki ýurtda hem dini ýörelgelere aýratyn hormat goýulýandygyny we şeýle çäreleriň geçirilmeginiň medeni hem ruhy gymmatlyklaryň paýlaşylmagynda möhüm ähmiýete eýedigini aýtdy.
Agzaçar sadakasyna Türkmenistanyň baş müftisi Ýalkap Hojagulyýew, şeýle hem ýurdumyzda akkreditirlenen musulman döwletleriniň ilçileri we diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Çäräniň dowamynda myhmanlara Azerbaýjanyň milli aşhanasynyň baý däplerini şöhlelendirýän dürli tagamlar we süýjülikler hödür edildi.