GFR-iň Aşgabatdaky ilçihanasy gorag gullugynyň zenan işgäri wezipesine boş iş ornuny yglan edýär

MilliInfo

19 Iyul, 2026

GFR-iň Aşgabatdaky ilçihanasy gorag gullugynyň zenan işgäri wezipesine boş iş ornuny yglan edýär

Germaniýanyň Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy 2026-njy ýylyň awgust aýynyň başyndan işe başlamak şerti bilen gorag gullugynyň zenan işgäri (goragçy) wezipesine boş iş ornuny açýar.

Esasy wezipeleri:

  • Diplomatik wekilhananyň girişinde gelýänleri barlamak we giriş-çykyş düzgünini amala aşyrmak;

  • Ýörite gorag enjamlary bilen işlemek;

  • Nobatçylyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmek, şol sanda gelýän hat-habarlary kabul etmek, barlamak we hasaba almak.

Dalaşgärlere bildirilýän talaplar:

  • Iňlis ýa-da nemes dillerini A2-den pes bolmadyk derejede bilmek (nemes dilini erkin bilýänler ileri tutular);

  • Berk fiziki saglygy, ýokary stres durnuklylygy we ozalky iş ýerlerindäki abraýy;

  • Ygtybarlylyk, gizlinligi berk saklamak, sypaýylyk hem tutanýerlilik, tertipli daşky görnüş;

  • Gorag ýa-da howpsuzlyk pudagynda iş tejribesiniň bolmagyna aýratyn orun berler.

Iş şertleri:

  • Iş tertibi: Doly iş güni (hepdede 40 sagat, duşenbe — anna günleri aralygynda);

  • Zähmet haky: Ilçihananyň düzüm tertibine laýyklykda, her aýda berilýän zähmet haky.

Görkezilen talaplara laýyk gelýän dalaşgärler resminamalar toplumyny 2026-njy ýylyň 24-nji iýulyna çenli ugratmalydyrlar.

Gerekli resminamalar:

  • Suratly gysgaça terjimehal (pasport ölçegindäki surat bilen);

  • Motoperasiýa haty (gyzyklanma beýany — nemes ýa-da iňlis dilinde düzülen);

  • Bilimi baradaky ýa-da hünär ýokarlandyryş kurslaryny geçendigi hakyndaky resminamalar;

  • Öňki iş ýerlerinden häsiýetnamalar we maslahat hatlary (bar bolsa).

Möhüm: Resminamalaryň doly toplumy diňe elektron görnüşde (PDF formatynda, göwrümi 8 MB-dan uly bolmadyk) info@aschgabat.diplo.de elektron poçta adresinde kabul edilýär. Doly bolmadyk ýagdaýda tabşyrylan arzalara seredilmez.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info