Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasynda boş iş orunlarynyň üçüsine — goragçy wezipelerine aşakdaky saýlap alyş ölçeglerine laýyk gelýän anketalary kabul edilýär.
Umumy talaplar:
Ýaşy: 25-den 40 ýaşa çenli;
Bilimi: orta bilim (iň pesi);
Saglygy: fiziki we ruhy taýdan sagdyn;
Diller: türkmen, rus we iňlis dillerini suwara bilmek (okamak, ýazmak we geplemek);
Tejribesi: howpsuzlyk pudagynda azyndan 3 ýyllyk iş tejribesi.
Şertler:
Iş wagty: günde 8 sagat;
Iş ýeri: ilçihananyň binasy / rezidensiýasy (talaplara laýyklykda);
Borçlary: degişli çägi goramak, gelýänleriň girişine gözegçilik etmek, goşlary we elektron enjamlary barlamak, howpsuzlyk bilen bagly beýleki meseleleri çözmek, şeýle hem ilçihananyň görkezmesi boýunça tabşyrylan işleri ýerine ýetirmek.
Anketany terjimehal (rezýume), iş tejribesi we bilimi baradaky maglumatlar bilen bilelikde Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasyna tabşyrmaly.
Goşmaça maglumatlary iş günleri sagat 09:00-dan 13:00-a çenli we 14:00-dan 17:30-a çenli şu salgydan alyp bilersiňiz: Hindistanyň ilçihanasy, Halkara biznes merkezi, Ý.Emre köçesi, 1-nji jaý, Mir 2/1, poçta gutusy №80, Aşgabat-744017, Türkmenistan.
Telefonlar: 45-61-52, 45-61-53;
Elektron poçta: hoc.ashgabat@mea.gov.in, admn.ashgabat@mea.gov.in.
Arzalary tabşyrmagyň iň soňky möhleti — 2026-njy ýylyň 14-nji awgusty.
