Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasy türkmen ýaşlaryny Hindistana sapara çagyrýar

MilliInfo

Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasy Türkmenistanyň zehinli ýaşlaryny 2026-njy ýylyň 24-nji marty — 2-nji apreli aralygynda geçiriljek Merkezi Aziýanyň ýaşlar wekilýetiniň Hindistana tanyşlyk saparyna gatnaşmaga çagyrýar.

Dalaşgärler aşakda görkezilen talaplara laýyk gelmelidir:

  • Türkmenistanyň raýaty bolmaly;

  • Ýaşy 15-den 29-a çenli bolmaly;

  • Ýokary akademiki ýa-da hünär üstünligi bolmaly;

  • Iňlis dilini erkin bilmeli;

  • Sagdyn we syýahat etmäge taýýar bolmaly.

Saýlama tapgyrdan geçen dalaşgär üçin aşakdaky şertler tölegsiz üpjün ediler:

  • Halkara uçar petegi;

  • Hindistanda ýaşajak ýeri we iýmiti;

  • Hindistanyň çägindäki ulag hyzmatlary.

Bellige aldyrmak üçin öz rezýumeňizi we pasportyňyzyň nusgasyny 2026-njy ýylyň 5-nji martyna çenli com.ashgabat@mea.gov.in elektron salgysyna ibermegiňizi haýyş edýäris.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info