Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasy 11-nji Aýurweda gününi belledi

MilliInfo

12 sagat öň

Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasy 11-nji Aýurweda gününi belledi

Aşgabatda Hindistanyň ilçihanasy tarapyndan 11-nji Aýurweda gününe bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Baýramçylyk dabarasy hindi diasporasynyň agzalaryny, şeýle hem adaty sagaldyş usullaryna we sagdyn durmuş ýörelgesine gyzyklanma bildirýän köp sanly türkmenistanlylary bir ýere jemledi.

Maksatnama Aýurweda baradaky gyzykly gysga göwrümli filmiň görkezilmegi bilen başlandy, soňra bolsa «Himalaya Wellness» kompaniýasynyň hünärmeni myhmanlary Türkmenistanyň bazarynda elýeterli bolan aýurwedik önümleriň peýdaly aýratynlyklary bilen tanyşdyrdy. Agşamyň dowamynda çäräniň amaly bölegi guraldy — diplomatik wekilhananyň ýanyndaky ýoga mugallymy gatnaşyjylar üçin ýörite ussatlyk sapagyny geçirdi.

Ýygnananlaryň öňünde çykyş eden Hindistanyň ilçisi Bandaru Wilsonbabu Aýurwedanyň gadymy we utgaşykly sagaldyş ulgamydygyny, onuň dogry iýmitlenmek, bedende işjeňlik, ruhy dartgynlylygy (stressi) ýeňip geçmek ukyby hem-de onuň göwnejaý dynç almak arkaly kämil deňagramlylygy saklamagy öwredýändigini nygtady.

Diplomat şu ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde «Aýurweda otagynyň» açylandygyny ýatlady. Ol ilçihananyň saglygy goraýyş, derman senagaty (farmasewtika) we dermanlyk ösümlikleri öwrenmek ugurlarynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga çalyşýandygyny tassyklady, şeýle hem paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryny diplomatik wekilhananyň ýanynda guralýan hemişelik tölegsiz ýoga sapaklaryna çagyrdy.

Çäräniň myhmanlary kitaplaryň we aýurwedik önümleriň sergisi bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar, duşuşygyň ahyrynda bolsa, däp bolşy ýaly, hindi tagamlary hödür edildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info