Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasy 12-nji Halkara ýoga gününe çagyrýar

MilliInfo

18 Iýun, 2026

Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasy 12-nji Halkara ýoga gününe çagyrýar

Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Aşgabadyň ýaşaýjylaryny, paýtagtyň myhmanlaryny we hindi diasporasynyň wekillerini 12-nji Halkara ýoga gününiň baýram edilmegi mynasybetli geçirilýän çärä gatnaşmaga çagyrýar. Giň gerimli çäre 21-nji iýunda ýekşenbe güni «Bagtyýarlyk» sport toplumynda geçiriler.

Maksatnama irden sagat 7:30-da başlanar. Guramaçylar gatnaşyjylaryň sport lybaslarynda (dress-kod) bolmagynyň zerurdygyna ünsi çekýärler.

2026-njy ýylyň Halkara ýoga gününiň şygary — «Saglyk we uzak ömür üçin ýoga». Bu şygar gadymy tejribäniň hemişelik ýaşaýyş güýjüni we içki sazlaşygy saklamaga kömek edýändigini ýatladýar.

Habarlaşmak üçin telefon: +99312 456152

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info