Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy diplomatik wekilhananyň çäginde we Aşgabatdaky «Bagtyýarlyk» sport toplumynda yzygiderli ýoga sapaklaryny geçirmek üçin aşakdaky saýlap alyş ölçeglerine laýyklykda, ýerli ýoga hünärmeni wezipesine anketalary kabul edýär:
Umumy talaplar:
Ýaşy: 25–50 ýaş aralygy;
Bilimi: ýokary (iň pesi);
Saglygy: fiziki we ruhy taýdan sagdyn;
Diller: rus, türkmen we iňlis dillerini suwara bilýän.
Dalaşgär aşakdaky aýratynlyklara eýe bolmaly:
iň pesi 3 ýyllyk ýokary bilim we ýoga okatmakda 3 ýyllyk iş tejribesi;
ýa-da abraýly okuw mekdebinden/gurudan azyndan 2 ýyllyk diplom/şahadatnama ýa-da ýoga boýunça tälim, şeýle hem 4 ýyllyk iş tejribesi;
ýoganyň taryhy we filosofiýasy barada ýeterlik derejäki bilim.
Dalaşgärleriň aşakda bellenen häsiýetlere eýelik etmegi artykmaçlyk hasaplanylýar:
Kompýuter sowatlylygy, şol sanda audio/wideo ýazgy etmek/ýüklemek, mikşirlemek we YouTube/internetdäki wideolary redaktirlemek ukyby;
Görkezme çykyşlaryny/leksiýalary geçirmek tejribesi;
Dalaşgär başlangyçlaryny öňe sürmegi başarmaly we okuwçylaryň ýokary okuw netijeliligine, ösüşine we özüni alyp baryş kadasyna berk talaplary goýmak bilen, olaryň iň gowy şahsy netijeleri gazanmagyna kömek etmäge çalyşmaly.
Gyzyklanma bildirýän dalaşgärler öz arzalaryny terjimehal (rezýume), iş tejribesi we bilimi baradaky maglumatlar bilen bilelikde şu salga iberip bilerler: Hindistanyň ilçihanasy, Halkara biznes merkezi, Ý.Emre köçesi, 1-nji jaý, Mir 2/1, poçta gutusy №80, Aşgabat-744017, Türkmenistan.
Bu mesele boýunça goşmaça maglumatlary iş günleri sagat 09:00-dan 13:00-a çenli we 14:00-dan 17:30-a çenli ilçihananyň şu telefon belgileri we elektron poçta salgylary arkaly alyp bilersiňiz:
Telefonlar: 45-61-52, 45-61-53
E-poçta: int.ashgabat@mea.gov.in / pic.ashgabat@mea.gov.in
Arzalary tabşyrmagyň iň soňky möhleti — 2026-njy ýylyň 14-nji awgusty.
