Boş iş orunlary: Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy reminamalary kabul edýär

MilliInfo

14 sagat öň

Boş iş orunlary: Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy reminamalary kabul edýär

Türkmenistandaky Hytaý Halk Respublikasynyň ilçihanasy işgärleri işe kabul etmek baradaky bildirişini paýlaşdy. Şunlukda, iş zerurlyklary bilen baglylykda, ilçihana işgärlere bildirilýän talaplary beýan edýär:

Sekretar (1 adam).

Esasy talaplar: Ýokary bilimli (baklawr derejesi we şondan ýokary) bolmaly. Rus, türkmen we hytaý dillerini suwara bilmeli. Resmi hatlary we habarlary taýýarlamak, terjime etmek hem-de resmileşdirmek ukyplary bolmaly. Terjimeçilik tejribesiniň bolmagy we iňlis dilini bilmek artykmaçlyk hasaplanýar.

Ofis programmalaryny kämil derejede bilmeli. Işewürlik etikasynyň esaslaryndan habardar bolmaly. Degişli ulgamda iş tejribesiniň bolmagy artykmaçlykdyr.

Goragçy-tehnik (1 adam).

Esasy talaplar: Orta hünär ýa-da tehniki bilimi bolmaly. Rus we türkmen dillerini bilmeli. Adaty abatlaýyş-tehniki işlerini ýerine ýetirmegi başarmaly. Degişli ugur boýunça iş tejribesiniň bolmagy we hytaý dilini bilmegi artykmaçlyk hasaplanýar.

Işe jogapkärli çemeleşmeli, düzgün-nyzamly bolmaly, gowy aragatnaşyk ukyplary we toparda işlemegi başarmaly.

Arza tabşyrmak üçin zerur bolan resminamalar

  • Rus ýa-da hytaý dilinde taýýarlanan terjimehal (rezýume). Telefon belgisi we elektron poçta salgysy görkezilmelidir.

  • Içki we daşary ýurt pasportlarynyň nusgalary.

  • Bilimi baradaky resminamalaryň nusgalary (attestat, diplom, daşary ýurt dillerini bilýändigi baradaky şahadatnamalar we hünär derejesini tassyklaýan beýleki resminamalar).

  • Ýakynda düşülen reňkli suraty.

Bellik: Tabşyrylan resminamalar diňe dalaşgärleri saýlap almak üçin ulanylýar we yzyna gaýtarylmaýar. Arza berijileriň şahsy maglumatlary gizlinlik talaplaryna laýyklykda işlenilýär we saklanylýar.

Arza tabşyrmagyň tertibi

Elektron poçta arkaly: Resminamalary chinaemb_tm@mfa.gov.cn salgysyna iberiň. Hatyň temasynda: «Iş üçin arza — A.A.F. (ady, atasynyň ady, familiýasy)» diýip görkeziň.

Poçta arkaly: Resminamalary şu salga iberiň: Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 45. Konwertiň ýüzünde «Iş üçin arza» diýen ýazgy bolmaly.

Saýlap almagyň tertibi

Ilçihana resminamalary deslapky saýlaw esasynda geçirer. Bellenen talaplara laýyk gelýän dalaşgärler söhbetdeşlige çagyrylar. Deslapky saýlawdan geçmedik dalaşgärlere aýratyn habar berilmez. Söhbetdeşlige esasly sebäpsiz gelmezlik, bäsleşige gatnaşmakdan ýüz döndermek hökmünde garalar.

Söhbetdeşligiň netijeleri boýunça üstünlikli geçen dalaşgäre üç aýlyk synag möhleti bilen zähmet şertnamasyny baglaşmak teklip ediler. Synag möhleti üstünlikli geçilenden soň, işgär bilen hemişelik zähmet şertnamasy baglaşylar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info