Hytaý Halk Respublikasynyň Syçuan prowinsiýasynyň hökümeti döwlet talyp haklaryny almak üçin arzalaryň kabul edilýändigini yglan edýär. Bu bilim başlangyjy zehinli ýaşlary goldamaga gönükdirilip, Hytaýyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde tölegsiz bilim almak üçin aýratyn mümkinçilik döredýär.
Abiturientlere prowinsiýanyň alty abraýly ýokary okuw mekdebiniň arasynda saýlamak mümkinçiligi hödürlenýär. Olaryň hatarynda Siçuan pedagogika uniwersiteti, Günorta-günbatar nebit uniwersiteti, Çendu ylym we tehnologiýa uniwersiteti, Çendu dokma hünär kolleji, Siçuan ulag hünär-tehniki kolleji hem-de Çendu adaty hytaý lukmançylygy uniwersiteti bar. Okuw maksatnamalary ýokary bilimiň ähli basgançaklaryny — bakalawr, magistratura we doktorantura derejelerini öz içine alýar.
Hödürlenýän hünärleriň gerimi örän giň bolup, häzirki zaman zähmet bazarynyň talaplaryna laýyk gelýär: kompýuter ylymlary, emeli aň, robot tehnikasy ugurlaryndan başlap, nebithimiýa, dokma senagaty hem-de hytaý dilini çuňňur öwrenmek ýaly ugurlary öz içine alýar.
Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy ähli gyzyklanýan dalaşgärleri kabul ediş düzgünleri bilen öňünden tanyşmaga we zerur resminamalary taýýarlamaga çagyrýar. Arzalar 2026-njy ýylyň 8-nji apreline çenli chinaemb_tm@mfa.gov.cn elektron salgysy arkaly kabul edilýär.
MÖHÜM: Talaplar we resmileşdiriş tertibi barada has giňişleýin maglumat almak üçin ilçihananyň Instagram hasabyndaky ýazgynyň aşagynda öz elektron poçta salgyňyzy galdyryp bilersiňiz. Size talyp haklary maksatnamasy barada doly maglumat jogap haty arkaly iberiler.