Türkmenistanyň Hytaýa gidip gelýän raýatlarynyň sanynyň artýandygy bilen baglylykda, Hytaý Halk Respublikasynyň ýurdumyzdaky ilçihanasy konsullyk bölüminde kabul ediş günleriniň sanynyň wagtlaýyn esasda köpeldilýändigini yglan etdi.
2025-nji ýylyň 18-nji awgusty — 30-njy sentýabry aralygynda arzalary kabul etmek hepdede dört gün — duşenbe, sişenbe, penşenbe hem-de anna günleri amala aşyrylar.
Arzalaryň kabul edilýän sagatlary: 9:30-dan 11:30-a çenli
Resminamalaryň berilmegi: 15:30-dan 17:00-a çenli
Bu üýtgeşme bellenen döwürde raýatlaryň resminamalaryny tabşyrmaklary we konsullyk hyzmatlaryny almaklary boýunça giňeldilen mümkinçiliklerden peýdalanmaklaryna şert döreder.