2026-2027-nji okuw ýylynyň güýz we bahar möwsümleriniň ýörite maksatnamasyna talyplary kabul etmek boýunça bildiriş

MilliInfo

5 sagat öň

Koreýany öwreniş akademiýasynyň Ýokary mekdebi 2026-2027-nji okuw ýylynyň güýz we bahar ýarymýyllyklarynyň ýörite maksatnamasyna talyp kabul edilşigini yglan edýär. Okuwa girmäge isleg bildirýänler goşundyda berlen faýllar bilen tanyşmalydyrlar we degişli arzany tabşyrmalydyrlar.

Maksatnama boýunça ylmy derejeler: magistratura ýa-da doktorantura.

Onlaýn arzalary tabşyrmagyň möhleti:

1.     2026-njy ýylyň güýzki kabul edilşigi (okuwyň başlanýan wagty: 2026-njy ýylyň 1-nji sentýabry): 2026-njy ýylyň 9-njy martyndan 20-nji martyna çenli.

2.     2027-nji ýylyň bahar kabul edilşihi (okuwyň başlanýan wagty: 2027-nji ýylyň 1-nji marty): 2026-njy ýylyň 31-nji awgustyndan 11-nji sentýabryna çenli.

Daşary ýurtly talyplar üçin ýeňillikler:

1.     Okuw döwrüniň dowamynda okuw töleginden doly boşadylmak (magistratura maksatnamalary üçin 2 ýyl, doktorantura maksatnamalary üçin 3 ýyl).

2.     Saýlanyp alnan 15 sany birinji ýyl talyba bir ýyl möhlet bilen daşary ýurtda bilim almak üçin döwlet talyp haky berler (aýlyk talyp hakynyň möçberi — 800 000 won).

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

E-poçta: admission_intl@aks.ac.kr

Telefon: +82-31-730-8183

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info