Pakistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy boş iş ornuny yglan etdi

MilliInfo

11 Sentýabr, 2025

Pakistanyň ilçihanasy terjimeçi / protokol boýunça kömekçi wezipesi üçin boş iş ornunyň bardygyny yglan etdi. Dalaşgärler bakalawr derejesine eýe bolmalydyr. Halkara gatnaşyklary, syýasy ylymlar, jemgyýet bilen aragatnaşyk, iňlis dili ýa-da şuňa meňzeş hünär ugurlary boýunça ýokary bilimli dalaşgärlere artykmaçlyk berilýär.

Iňlis dilinden rus diline we rus dilinden iňlis diline terjime etmek boýunça şahadatnamanyň ýa-da diplomyň bolmagy artykmaçlyk hökmünde göz öňünde tutulýar.

Iş tejribesi: Ýazuw we dilden terjime ugurlarynda azyndan 3 ýyl bolmaly, diplomatik ýa-da halkara guramasynda işlemek boýunça toplanan tejribe bolsa uly artykmaçlyk hasaplanýar.

Dil: Dalaşgär iňlis, türkmen we rus dillerinde erkin gepleşip bilmelidir (okamak, ýazmak hem-de dilde gepleşmek).

Professional bilimi: Kabul ediljek işgäriň ýurduň protokol düzgünlerini doly bilmegi, şeýle hem döwletiň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we jemgyýetçilik gymmatlyklary bilen tanyş bolmagy talap edilýär.

Nädip arza bermeli: Gyzyklanma bildirýän taraplar öz rezýumesini Pakistanyň ilçihanasyna ýollap biler.

Ilçihananyň salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk köçesi, 4/1.

Telefon: (4993-12) 48-21-31

Elektron poçta: Ashgabat1947@proton.me.

 

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo