6-njy fewralda Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky ilçihanasynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy hem-de 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýip yglan edilmegi mynasybetli çäre geçirildi.
Ilçi Ş.Geldynazarow 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» ýokary derejede geçirilen halkara maslahatlar hem-de 2026-njy ýylda ýurdumyzda guraljak möhüm ähmiýetli çäreler barada gürrüň berdi.
Bu ýerde hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabynyň türkmen halkymyz we daşary ýurtly okyjylar üçin sowgat bolandygyny aýratyn belledi. Ajaýyp kitabyň ýurdumyzyň Bitaraplyk ýörelgesini ylmy taýdan öwrenmekde, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny dünýä ýaýmakda gymmatly gollanma boljakdygyny nygtady.
Çärä gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň täze kitabynyň neşir edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, türkmen ýaşlarynyň kämil bilim almagy ugrunda döredilýän şertler üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.